Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşygy Türkmenbaşy şäherinde geçiriler

15:1720.12.2021
0
5741

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 14:00-da başlanar. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu gezekki Kubok ugrundaky bäsleşigiň finalynda “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşarlar.

Ýeri gelende bellesek, “Ahal” topary finala barýan ýolda “Aşgabat” bilen “Altyn Asyr” toparlaryny, “Şagadam” bolsa “Merw” hem-de “Köpetdag” toparlaryny ýeňmegi başardy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy:
22.12.2021 ý. (çarşenbe)

“Ahal” – “Şagadam”
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 14:00
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: Rustam Japarow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň