Soňky habarlar

Arhiw

Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

20:5615.12.2021
0
7310
Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Nebit-gaz» gazeti tarapyndan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen ,,Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!’’ we üstümizdäki şanly ýylyň ady bilen bagly ,,Türkmenistan – parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy’’ döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. Bu barada neşiriň resmi saýty habar berýär.

,,Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!’’ bäsleşiginiň jemi boýunça ,,Türkmengeologiýa’’ DK-nyň geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň jogapkär kätibi Atageldi Seýidow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Nazarmuhammet Nazargulyýew 1-nji orna, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Nebitgazylmytaslama’’ institutynyň uly ylmy işgäri Weýis Annataganow, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Sona Islamowa 2-nji orna, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Türkmengazgeofizika’’ müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmeni Wepa Hanow, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Begli Begliýew 3-nji orna mynasyp boldy.

,,Türkmenistan – parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy’’ bäsleşiginde ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Dädebaý Nartyýew, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň başlygy Nurmuhammet Akmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni Ejekeýik Kurbanberdiýewa 1-nji ýeri, TNGIZT-niň ,,Kenar’’ toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nasos desgalarynyň maşinisti Aýterek Annamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy Arazgül Annaýewa, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Nebitgazburawlaýyş’’ trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa 2-nji orny, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Arslan Annamyradow, Aşgabat şäherindäki 7-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory Baýmyrat Balakaýew, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň foto habarçysy Arslan Müllikow 3-nji ýeri eýeledi. Ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň