Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa 30-njy ýörite howa gatnawy guraldy

17:2614.12.2021
0
15797

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenabatdan Moskwa şäherine 194 ýolagçydan ybarat bolan ýörite ýolagçy howa gatnawyny gurady diýip, ilçihananyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Habarda maglumat berlişine görä, S78536 goşmaça uçuşy Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan rus ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar üçin gurnaldy.

“Sibir” howaýollarynyň “Airbus A321” uçary Moskwa wagty bilen sagat 13:43-de “Domodedowo” howa menziline gondy.

Bu howa gatnawy Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri koronawirus pandemiýasy zerarly Türkmenistan bilen togtadylan uçuşlardan soň, 30-njy ýörite howa gatnawydyr. Şeýle uçuş iň soňky gezek 9-njy dekabrda amala aşyryldy.

2019-2020-nji okuw ýylynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň umumy sanynyň 36 müňden gowrak bolandygyny ýatlap geçmek bolar. Bu maglumatlary “Study in Russia” web saýty ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň