Koronawirus ýokanjynyň täze ýüze çykarylan «omikron» ştammy zerarly heniz kesellileriň gurban bolany hasaba alnanok, bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Maýkl Raýan beýanat berdi. Ol bu habar bilen guramanyň Youtube-ýaýlymyndaky sahypasynda çykyş etdi.
Raýan şeýle hem täze ştammy öwrenmek üçin ýene birnäçe hepdäniň gerekdigini belledi. Guramada «omikronyň» özünden öňki ştammlary gysyp çykarjakdygyny çaklaýarlar.
25-nji noýabrda Botswananyň, GAR-yň we Gonkongyň alymlary ýokanjyň täze görnüşini ýüze çykarypdylar, soňlugy bilen ol «omikron» diýlip atlandyryldy.