Soňky habarlar

Arhiw

Çelekende çykarylýan nebitiň mukdary artýar

09:4104.12.2021
0
9818

«Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň iş alyp barýan Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde uglewodorod çig mallarynyň bol gorlary jemlenendir. Munuň özi Günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuň we has çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyny aňladýar diýip, «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

Şu ýylyň geçen on bir aýynda bu müdirlikde hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 49 müň 883 tonna golaýlady. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan dört müň tonnadan hem gowrakdyr.

Kärhanada bar bolan mümkinçiliklerdir ätiýaçlyklary netijeli peýdalanmak babatda amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Müdirligiň başlangyjy esasynda kärhananyň öz güýçleri bilen önüm bermesini has kemelden Dagajyk meýdançasyndaky guýularyň birinde geçirilen degişli çärelerden soň, ondan nebit çüwdürimi alyndy.

Häzir ol guýynyň her gije-gündizde önüm berijiligi 25 tonna ýetýär. Şu ýyl taslama çuňlugy 1 müň 200 metr bolan 654-nji täze guýynyň gazuw işleri hem üstünlikli tamamlanyp, ulanyşa alyndy. «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylarynyň gazan bu guýusy her gije-gündizde 6 tonnadan hem köp nebit çig malyny berýär.

Şu günler bolsa Günbatar Çeleken meýdançasyndaky 707-nji guýynyň gazuw işlerine taýýarlyk görülýär. Ol işleri «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrarlar. Bu täze guýudan hem nebit çig malynyň bol akymyna garaşylýar. Bu bolsa geljekde «Galkynyşnebit» NGÇM-iň has belent önümçilik görkezijilerine eýe boljakdygyny aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň