«Sumbar Computer» dükany korporatiw müşderiler bilen 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleşýär

10:1703.12.2021
0
6888

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» korporatiw müşderilere (hususy firmalar we döwlet guramalary) öz harytlary babatda çeýe arzanlaşyk ulgamyny hödürleýär.

«Sumbar Computer» dükany ofis enjamlaryny we esbaplaryny meýilleşdirilen bahadan satyn almaklyk üçin müşderilere aýratyn mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem, bu dükan döwlet edaralaryny enjamlar bilen üpjün edýär we döwlet müşderisiniň wezipeleri üçin öndürijiler bilen bilelikde işlenip düzülen taslamalar babatda aýratyn arzanlaşyklary kepillendirýär. Bulardan başga-da, korporatiw müşderilere «Sumbar Computer» dükanyndan satyn alnan enjamlar üçin hyzmatlar berilýär: enjamyň näsazlygyny anyklamaklyk (diagnostika), abatlamaklyk, zerur programma üpjünçiligini gurnamaklyk, şeýle hem ofis enjamlaryna hyzmat etmeklik (syýa we lazer printerlerine ýangyç guýmak we ş.m.).

«Sumbar Computer» dükanynda dürli kompýuter enjamlary we degişli önümler – enjamyň doly düzümleri (комплектующих – toplum, ýygyndy, doly düzümi), ýygnaýjy enjamlary (накопителей – ýygnaýjy enjam, toplaýjy enjam), periferiýa enjamlary, ofis enjamlary, tor enjamlary we howpsuzlyk ulgamlary bar. «Sumbar Computer» dükany paýtagtymyzyň Aşgabadyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň islendik sebitlerine harytlary poçta arkaly öýme-öý eltip berme hyzmatyny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň