Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi

11:2302.12.2021
0
1524

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi. «Oguz han eýýamy hem-de türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri» diýlip atlandyrylan bäsleşige orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Bu barada «Nesil» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilşi ýaly, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji tapgyry Oguz han eýýamynyň ruhuna esaslanyp, institutyň eýwanynda ýerleşdirilen ak öýüň içinde geçirildi. Ak öýüň içinde sekizburçly haly düşelip, diwarlary Oguz hanyň 24 agtygynyň tagmasynyň we Pazyryk halysynyň şekilleri, şeýle hem milli gymmatlyklarymyz bilen bezeldi. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nyşany hem sekizburçlugyň içinde ýerleşdirilen Oguz hanyň ýaýynyň hem-de peýkamynyň şekilindedir.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň başynda Oguz hanyň hem-de onuň ogullarynyň gatnaşmagynda taryhy sahna janlandyryldy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylara «Pähimdarlar geňeşi» diýlip atlandyrylan eminler tarapyndan adalatly baha berildi. Bäsleşigiň geçiş tertibi tomaşaçylary has-da gyzyklandyrdy. Sekizburç halynyň her burçunda duran okuwçylaryň ýanyna «Pähimdarlar geňeşiniň» mürzeleri «Oguz hanyň altyn ýaýynyň» gapdalynda duran «Sowallar sandygyny» eltip, sowally haty saýladýarlar. Okuwçynyň sowala beren jogabynyň takyklygyny «Pähimdarlar geňeşi» tassyklandan soň, mürzeler jogap beren okuwça bir peýkam berýär hem-de bäsleşigiň şol gatnaşyjysy sahnanyň merkezinde ýerleşdirilen «Oguz hanyň altyn ýaýyna» tarap bir göçüm göçýär.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okuwçylaryň ilki duran nokadyndan «Oguz hanyň altyn ýaýyna» çenli 5 göçüm bolup, sowallara dogry beren jogaby üçin okuwçylar oňa tarap 1 göçüm göçmäge hukuk gazanýarlar. Okuwçylar 4 gezek «Sowallar sandygyndan» sowal çekenlerinden soň, dogry jogap berenler öňe saýlanyp, beýleki okuwçylar öz başlangyç nokatlaryna gaýdyp barýarlar. Sowallaryň 5-nji öwrümi diňe öňe saýlanan okuwçylara berilýär hem-de olaryň 2-si bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edilýär.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji tapgyrynyň temasyndan belli bolşy ýaly, «Sowallar sandygynyň» soraglary Oguz han eýýamy bilen içgin baglanyşykly boldy. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijeleri esasynda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa hem-de Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow birinji tapgyryň ýeňijileri diýip yglan edildi. Olar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň hemaýatkärleri tarapyndan onuň ýeňijilerine we beýleki gatnaşyjylaryna gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti bäsleşigiň hemaýatkärleri hökmünde çykyş etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji tapgyry ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda ýaýlyma berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň