Top.Mail.Ru

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göçme konsert guralýar

21:2830.11.2021
0
16499

Türkmenistanda her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary üçin aýdym-sazly baýramçylyk sowgadyny taýýarlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Baýramçylyk mynasybetli guralýan konsert häzirki wagta çenli ýokary okuw mekdepleriň 16-synyň bäşisinde geçirildi. Olarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen döwlet maliýe institutynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteitiniň talyplary Maýkl Jeksonyň we «Queen» toparynyň repertuarlaryndan aýdymlary ýerine ýetirýän aýdymçy Döwran Şammyýewi, şeýle-de Antonio Wiwaldiniň «Möwsümlerinden» parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän Bahram Dolyýewiň sazly çykyşy oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Toty çawuşy» aýdymy saksafon bilen beýan eden Kakajan Hudaýberdiýewiň hem çykyşy köpleriň söýgüsini gazandy.

Konsertde Muslim Magomaýewiň repertuaryndan «Noktýurn» we Myrat Sadykowyň konsertlerinde ýaňlanan «Aşgabat» aýdymyny ýerine ýetirildi. Konsert Baýram Hudaýnazarowyň watançylyk temasyndan “Bitaraplyk” aýdymy bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň