Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükanynyň hünärmenleri monitor saýlamak boýunça maslahat berdiler

13:2928.11.2021
0
7795

Monitor şahsy kompýuteriň iň möhüm böleklerinden biridir. Monitoryň iş üçin amatlylygy we görüşe täsiri onuň aýratynlyklaryna baglydyr. Şol sebäpden hem, kompýuter haýsy maksat bilen ulanyljak bolsa, şol maksada görä monitor saýlamaly: oýun oýnamaklyk, wideo tomaşa etmeklik ýa-da ofis işi üçin.

Kompýuter enjamlarynyň we periferiýa esbaplarynyň söwda-satuw işi bilen meşgullanýan «Sumbar Computer» dükanynyň geňeşçileriniň monitor saýlamaklyk babatda beren käbir maslahatlary şu aşakdakylardan ybaratdyr.

Diagonal ölçegi: Adatça 19,5-35 dýuým (1 dýuým – takmynan 2,54 sm). Ofis programmalary üçin iň amatly diagonal ölçeg 19,5 dýumdan 24 dýuýma çenli hasaplanýar. Oýunçylar (geýmer) ýa-da dizaýn programma üpjünçiligi bilen işleýänler üçin iň amatly diagonal ölçegi 27 dýumdan 32 dýuýma çenli. Işlenilýän wagty ekrana yzygiderli seredilýändigi sebäpli, has uly ekran göz üçin oňaýsyz bolup biler.

Ekranyň çözgüdi: HD we Full HD iň meşhur ekran çözgütleridir we ofis işi üçin iň amatlydyr. Oýun oýnamaklyk we wideo tomaşa etmeklik üçin Full HD ekran çözgüdini, grafika bilen işlemeklik üçin bolsa QHD (2K) ýa-da UHD (4K) ekran çözgüdini saýlamaklyk örän amatlydyr.

Matrisa görnüşi: matrisalaryň iň köp ýaýran görnüşleri TN, VA, IPS. Ähli matrisalarda reňkiň hili, ýagtylygy, gapma-garşylygy (kontrasty), wagtyň gijikdirilmekligi we güýji sarp etmeklik babatda örän köp tapawut bar. Monitor matrisasynyň görnüşini saýlamaklyk işiň çygryna-da baglydyr. IPS matrisalary häzirki döwürde has meşhur matrisalardyr. IPS matrisalary örän uly burçy we has gowy reňk görkezişi bilen tapawutlanýar.

Gatnaşyk tarapy: 16:9 giň ekrany – iň köp ýaýran görnüş hasaplanýar. 4:3 we 5:4 ýaly nusgawy gatnaşygy bolan modeller has az meşhurdyr. Bu monitorlar inedördül görnüşde bolup, adatça ofis işi üçin amatlydyr.

«Sumbar Computer» dükany islendik maksat üçin niýetlenilen dürli görnüşli köpsanly monitorlary hödürleýär: 32 dýuým diagonally ýokary derejeli oýun çözgütlerinden başlap, iş we internet serfing üçin amatly ofis çözgütlerine çenli.

«Sumbar Computer» dükanynyň başarnykly geňeşçileri, alyjynyň maksatlarynyň we islegleriniň aýratynlyklaryna esaslanyp, iň gowy monitor görnüşini saýlamaga kömek eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň