Soňky habarlar

Arhiw

Müsürde «Sfinksleriň bagýodasy» gaýtadan açyldy

15:2727.11.2021
0
4461

Müsürde uzaga çeken rejeleýiş işlerinden soň «Sfinksleriň bagýodasy» gaýtadan açyldy, ol ýurduň Luksor diýen ýerindäki Karnak we Luksor gadymy müsür ybadathanalaryny taryhy taýdan birleşdirýär.

Üç kilometrlik bagýodanyň açylyş dabarasyna Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi gatnaşdy. Dabara iki sagatdan hem uzaga çekip, agşam asmanynda feýerwerkleriň atylmagy bilen tamamlandy.

«Sfinksleriň bagýodasynda» rejeleýiş işleri 2010-njy ýylda başlanypdy, netijede, bu gün gadymy ýadygärlik ilkibaşky taryhy keşbine eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň