TÝL ― 2021: «Şagadam» çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirýär

23:5726.11.2021
0
2672
TÝL ― 2021: «Şagadam» çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirýär

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynda Maryda geçirilen duşuşykda ýerli «Merwden» 2:1 hasabynda üstün çykdy.

«Kenarlylaryň» iki pökgüsini hem Nazar Towakelow (26, 61’) geçiren bolsa, ýer eýelerinden 53-nji minutda Begenç Alamow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» ýaryş tertibiniň üçünji ornundaky ýerini gorady we çempionlyk ugrundaky göreşiň hem içinde galdy. Häzir «Şagadamda» 17, «Merwde» bolsa 6 utuk bar. «Merw» ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda barýar.

Indiki tapgyrda «Şagadam» Balkan derbisinde «Nebitçini» kabul eder. «Merw» bolsa myhmançylykda «Köpetdag» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň