Türkmen wekiliýet GFR-iň Mýunhen şäherinde iş saparynda bolar

11:3017.11.2021
0
22303

Hökümetiň 16-njy noýabrynda geçirilen iş maslahatynda wise-premýer S.Toýlyýew milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly, şol sanda nemes hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna şu ýylyň 21—24-nji noýabry aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli toparyny Mýunhen şäherine, Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna iş sapary bilen ugratmak baradaky teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. GFR-iň dünýä belli klinikalary, tejribeli nemes alymlary hem-de lukmanlary bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar milli lukmançylyk ylmynyň we iş tejribesiniň okgunly ösüşine, ugurdaş bilimiň halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň bu ulgamynyň edaralarynyň Germaniýanyň meşhur kompaniýalarynyň önümleri bolan iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegi, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek ulgamynda innowasion usullaryňdyr tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagy ýyl-ýyldan giňeldilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň anyk netijeleridir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen lukmanlarynyň toparyny Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna ugratmak boýunça hödürlenilen teklibi makullap, wise-premýere mundan beýläk-de nemes hyzmatdaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň