Aleksandr Krestinin «Dordoýyň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

18:5801.11.2021
0
4187

Gyrgyzystanyň «Dordoý» futbol kluby russiýaly baş tälimçi Aleksandr Krestininiň haýyşyny kanagatlandyryp, ony eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

Toparyň başyna 2017-nji ýylda geçen russiýaly hünärmen şol ýyl «Dordoý» bilen ýurduň Kubogyny gazandy. Topar onuň ýolbaşçylygynda Gyrgyzystanyň dört gezek çempiony we bir gezek Naýbaşy kubogyň eýesi boldy. 43 ýaşly hünärmen «Dordoýyň» başynda 169 duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň