Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Afrikada 3D çap etme arkaly totuguşuň çüňki bejerildi

12:1201.11.2021
0
3643

Günorta Afrika Respublikasynyň haýwanat baglarynyň birinde ýaşaýan totuguşuň çüňküni dikeltmek üçin özboluşly operasiýa geçirildi. Maks atly bu totuguş üç ýyldan gowrak wagt mundan öň guşlaryň özara urşunda çüňküni döwdürip, şondan soň diňe suwuk iýmit bilen iýmitlenipdir.

Blumfonteýn uniwersitetiniň tehnologiýa merkeziniň hünärmenleri 3D printerde boýag hökmünde titan metalyny ulanyp, guşuň çüňküniň ýasama görnüşini döretdiler. 3D protezi ýasamak işi şowly bolup, garaşylýan netijäni berdi. Mir24.tv-niň habar bermegine görä, totuguş eýýäm goraghananyň çäginde bolup, çüňkünde iýmit iýmäge synanyşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň