Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini tassyklandy

10:0401.11.2021
0
7775

30-njy oktýabrda Aşgabatda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 87 848 186,0 müň manat we çykdajylar boýunça 87 608 676,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň