«Bossan concept» dükanyna birmeňzeş gap-gaçlar toplumynyň täze görnüşleri satuwa geldi

09:5920.10.2021
0
4860

«Bossan concept» dükanyna türk we ýewropa öndürijileriniň önümi bolan, täze görnüşli, birmeňzeş gap-gaçlar toplumynyň köp sanlysy satuwa geldi. Müşderiler daşky görnüşi boýunça biri-birinden owadan, bir meňzeş gap-gaçlar toplumyndan öz islegine görä saýlap, satyn alyp bilerler.

Häzirki wagtda «Bossan concept» dükanynyň söwda tekjelerinde 6 we 12 adam üçin niýetlenilen birmeňzeş gap-gaçlar toplumynyň köp sanlysy bar.

Türk dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanylan gap-gaçlar toplumynyň her bir tabagynyň ululygy we dizaýny boýunça özboluşly bir sazlaşygy emele getirip, owadan görnüşi bilen maşgala toýlarynda naz-u-nygmatlar bilen bereketli türkmen saçagyny bezär.

«Bossan concept» dükanynyň ýokary hilli gap-gaçlar toplumynyň tabaklaryna şekillendirilen suratlaryň wagtyň geçmegi bilen bozulmajakdygyna we könelmejekdigine şek-şübhe bolup bilmez.

«Bossan concept» dükanynyň işgärleri gap-gaçlar toplumyny satyn alyjy müşderilere ony seresaplylyk bilen ulanmaklygy – bu önümiň gap-gaç ýuwýan enjamlaryň ähli görnüşinde ýuwulyp bilinmejekdigi, şol enjamda ýuwulaýan ýagdaýynda tabagyň altyn reňkli suratynyň solup, ýitip gitmeginiň mümkindigi, şeýle hem gap-gaçlar toplumynyň her bir tabagyny nahar gyzdyryjy enjamda-da (mikrowolnowkada) ulanyp boljakdygy barada müşderilere degerli maslahatlaryny berýärler.

«Bossan concept» dükanynyň daşky görnüşi boýunça biri-birinden owadan, döwrebap gap-gaçlar toplumy bereketli türkmen saçagynyň görküne görk goşar.

«Bossan concept» dükany bilen habarlaşmaklyk üçin maglumatlar:

• «Bossan concept» dükanynyň instagram sahyplary: @bossan_concept; @bossan_flora; @bossan_outdoor_tm; @bossan_coffee_garden.
• «Bossan concept» dükanynyň telefon belgileri: 415554, 726060;
• «Bossan concept» dükanynyň salgysy: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň