Soňky habarlar

Arhiw

Rowling çagalar üçin täze bir roman ýazdy

22:4318.10.2021
0
2908

«Garri Potter» romanlar toplumynyň awtory hökmünde tanalýan Iňlis ýazyjysy J.K.Rowling çagalar üçin täze kitap çykardy. «Roždestwo doňuzy» diýlip atlandyrylýan bu eser awtoryň «Garri Potter we Ölüm dälizleri» filminden bäri ilkinji çagalar üçin romanydy.

Kitapda söýgüli oýunjak doňuzy Baýy halas etmek üçin näbelli ýere giden ýedi ýaşly oglan Jek hakda gürrüň berilýär. Kitap Angliýada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Irlandiýada, Hindistanda, şeýle hem ABŞ we Kanadada neşir edildi. Mundan başga-da, eser 35 dile terjime edildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň