Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze awtobus ugurlary açyldy

16:4218.10.2021
0
19819

Şu günden başlap, Aşgabatda 119 we 142 belgili täze awtobus ugurlary işe girizildi. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

“Awtokombinat — “Berkarar” SDM” ugry boýunça hereket edýän 119 belgili awtobus Awtokombinat başlangyç nokadyndan ugrap, A.Niýazow şaýoly — N.Andalyp köçesi — Oguzhan köçesi — Atatürk köçesi, N.Jepbarow köçesi — Ataturk köçesi — Oguzhan köçesi — N.Andalyp köçesi boýunça hereket edip, A.Niýazow şaýoluna, ondan soň bolsa Awtokombinat bellik nokadyna gaýdyp gelýär.

“Teke bazar — Kardiologiýa merkezi” ugry üçin girizilen 142 belgili awtobus bolsa Teke bazar başlangyç nokadyndan ýola çykyp, M.Kaşgarly köçesi — D.Azady köçesi — A.Niýazow şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Çandybil şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Arçabil şaýoly, soňra bolsa 1970-nji köçäniň ugry bilen dowam edip, ahyrky Kardiologiýa merkezine barýar. Bu awtobus yzyna bolsa 1970-nji köçeden ýola düşüp, Arçabil şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — A.Niýazow şaýoly — M.Kösaýew köçesi — A.Gowşudow köçesi bilen hem ilkinji Teke bazar awtoduralgasyna, bellik nokadyna gaýdyp gelýär.

Awtobuslaryň täze gatnaw ugurlary ilatyň awtoulag ýolagçy gatnawlaryna bolan islegini ýeterlik derejede kanagatlandyrmak we awtoulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90, 44-33-91.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň