Aşgabatda senagat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi

10:0616.10.2021
0
6613

“Нейтральный Туркменистан” gazetiniň habar bermegine görä, oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde Türkmenistanda bellenilýän Senagat işgärleriniň güni mynasybetli jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde baýramçylyk çäresi geçirildi.

Bu baýram ýurduň gurluşyk pudagynyň, dokma senagatynyň, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň zähmetkeşleri üçin hünär baýramçylygydyr. Çeşmäniň belleýşi ýaly, ýurduň iň giň we ösen senagat pudagy 25-e golaý ýokary tehnologiýaly zawodlary we kärhanalary öz içine almak bilen, bu ugurlarda işine ökde hünärmenleriň köp sanlysy zähmet çekýär.

Dabaraly çärä önümçilik pudagynyň işjeň hünärmenleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary çagyryldy. Onda dürli pudakdan gatnaşýan wekilleriň çykyşlary diňlenildi.

Baýramçylyk çäresinde Aşgabadyň kärhanalarynda mynasyp zähmet çekýän 25 hünärmene gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de çärede Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdymçylary çykyş etdiler.

Türkimenistanyň Senagat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen çäre gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň