Aşgabat, 31-nji dekabr. «Türkmenportal».
Ara bir ýyl salyp, “Galkan” futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ady gaýtaryp aldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary eýýäm 2-nji gezek şeýle üstünlige ýetdi.
Çempionlyk ugrunda 8 topar bäsleşip, olar başlangyç tapgyrda 2 toparçada özara güýç synanyşdylar. Her toparçadan iň oňat görkezijisi bolan 2 topar ýarym finala çykdy. 1-nji toparçada “Galkan” bilen “Ahal”, 2-nji toparçada “Migrasiýa” bilen “Aşgabat” bu wezipäniň hötdesinden geldi.
Ýarym finalda “Galkan” “Aşgabatdan” 7:2, “Migrasiýa” bolsa “Ahaldan” 7:4 hasabynda üstün çykdy.
3-nji orun ugrundaky oýunda “Ahal” 4:3 hasabynda “Aşgabady” ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy. Finalda “Galkan” çekeleşikli göreşde “Migrasiýany” 2:1 hasabynda utup, ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň bu üstünlige ýetmeginde baş tälimçi Aman Annaýewiň uly goşandy bardyr.
10 pökgini tora salan Altymyrat Annadurdyýew (“Galkan”) çempionatyň iň köp tapawutlanan futbolçysyna goýlan baýraga eýelik etdi.