Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

12:0408.10.2021
0
5867
Berdimuhamedow Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Türkmenistan bilen Ermenistany soň¬ky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan, öň¬den gelýän dostluk hemde özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şunda sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hemişe gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän, däp bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, halkara hyzmatdaşlyga hemişe oňyn, yzygiderli häsiýet mahsusdyr, bu bolsa ikitaraplaýyn bähbitlere kybap gelýär.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz hem-de dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili giň gerimli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň oňyn tejribesine eýedirler hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilelikdäki hökümetara topary¬ň wezipesi döwletara gatnaşyklary işjeň¬leşdirmekde ähmiýetli orun eýeleýär, onuň işi gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, oňyn işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ynsanperwer ulgama deglip geçilip, ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmegiň hem-de iki dostlukly halklaryň has-da ýakynlaşmagynyň aýrylmaz şerti bolan medeniýet, bilim we ylym ugurlarynda netijeli gatnaşyklary gi-ňeltmegiň wajypdygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ruben Harazýan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine tüýs ýürekden guwanýandygyny beýan etdi. Ak mermerli Aşgabat siziň ýurdu¬ňyzyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr diýip, ilçi türkmen halkyny ýakynda bellenip geçilen taryhy sene — döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Milli Liderimiz hem-de Ermenistanyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary¬ň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-ermeni gatnaşyklary baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan dostluk hem-de netijeli döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň