Soňky habarlar

Arhiw

«EKSPO ― 2020»-de 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli güni geçiriler

11:3702.10.2021
0
13036

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, şol gün BAE-niň wekilleri bilen ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli serginiň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzir Türkmenistanda ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi. Ol türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edip, ýurdumyza dünýäniň ykdysady taýdan ösen we syýasy taýdan durnukly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berdi diýip belledi.

Milletiň Lideri «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle çäreleriň türkmen döwletiniň gazananlaryny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny dünýä görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti şeýle forumlaryň anyk netijeleri gazanmagy ugur edinmelidigini aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek işewür duşuşyklaryň we gepleşikleriň iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň