Soňky habarlar

Arhiw

Alp Arslan adyndaky teatr «Türkmeniň ýoly» atly täze eseri sahnalaşdyrdy

17:4528.09.2021
0
1249

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna Gadam Kakabaýewiň adybir drama eseri esasynda “Türkmeniň ýoly” oýnuny sahnada goýdy. Gyzykly bir hakykat: ýazyjy Türkmenistanyň garaşsyzlygy bilen ýaşyt, olam 30 ýaşynda. Ähtimal, birnäçe türkmen nesliniň durmuşy beýan edilen golýazmalar bilen işläp, gijelerini ukusyz geçirýän ýazyjynyň iş otagynyň bu oýnuň başlangyjy hökmünde saýlanmagy-da hut şonuň üçindir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Oýun birek-birege watançylyk ugry bilen baglanyşykly birnäçe özbaşdak bölekden ybarat. Birinji bölümiň baş gahrymany – meşhur Baýram Han. Hindistanda bu adalatly hökümdaryň hatyrasyna gurlan Baýram Hanyň Hormatly derwezesi henizem bar.

Türkmenistan we Hindistan türkmen halkynyň görnükli ogly Baýram Hana – tanymal döwlet işgärine, şahyra, harby serkerdä, filosofa buýsanç duýýar. Söweş sungatyna aňrybaş belet bolsa-da, Baýram Han meseleleri gan dökmän, diplomatik ýol bilen çözmegi üstün tutupdyr. Türkmen halky paýtagtyň Magtymguly şaýoluna garap duran bir seýilgähinde şöhratly eždadyna ýadygärlik gurdy.

Baýram Hanyň keşbini aktýor Hudaýberen Annarejebow ýerine ýetirýär.

Oýnuň beýleki böleginiň mowzugy türkmen taýpalarynyň agzalalygy we şunuň netijesinde ýüze çykan taýpalar arasyndaky dawadyr daşyndan gelýän alaman. Bu ýagdaý bir bitewi döwletiň arzuwy bilen ýaşaýan türkmen halkynyň güýjüni egisýärdi. Ähli taýpalar birleşmäge taýýardy, ýöne kimiň daşynda jemlenmeli – bu meseläni taýpa hanlary irnik görýärdi.

Diňe 20-nji asyrda, ilki bilen respublikalaryň birliginiň düzüminde türkmenleriň döwlet bolmak arzuwy hasyl boldy, 30 ýyl mundan ozal bolsa Türkmenistan garaşsyz, özbaşdak döwlet boldy. Bu zatlaryň ählisi-de oýnuň gahrymanlarynyň durmuşyndan alnan hekaýalaryň esasynda sahnada çeper görnüşde bolup geçdi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň arzuw-islegini we türkmeniň köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolmagyny, şeýle hem her bir türkmen raýatyny bitarap we garaşsyz döwletimizi işi hem zehini bilen mäkämleşdirmäge çagyryşy takyk görkezýän “Türkmeniň döwlet ýoly” kitabynyň ýazyjy tarapyndan okalmagy oýnuö çür başy boldy.

Epilogda. Daňa golaý, ýazyjy eseriniň iň soňky nokadyny goýanda, onuň iş otagyna ejesi girýär. Ogly ýaňy ýazan taryhy dramasyndan parçalary oňa okap berýär.

– Hut şeýle bolupdy, oglum, häzirem şeýle – diýip, ýazyjynyň ejesi ýazylanlary tassyklaýar.

“Türkmeniň ýoly” oýny Gadam Kakabaýewiň “Alp Arslan” drama teatryna hödürlän ikinji eseridir. Ilkinji oýun – “Seýitnazar Seýdi” şahyryň jemgyýetçilik işleri, agzala türkmen taýpalaryny birleşdirmek ugrunda jan edişi barada gürrüň berýär. Bu iki eserden awtoryň taryhda üstün tutýan zadyny kesgitläp bilersiňiz.

“Türkmeniň ýoly” oýnuny Türkmenistanyň at gazanan artistleri Handurdy Berdiýew bilen Batyr Kakabaýew sahnalaşdyrypdyr. Sahna suratkeşi Mekan Annamyradow sahnada türkmen halkynyň durmuşynda dürli wagtda bolup geçen wakalaryň howasyny döretmegi başarypdyr. Oýna teatryň kyrka golaý aktýory gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň