Arhiw

Türkmenistanda ilkinji 9D ölçegli kinoteatr peýda boldy

12:2627.09.2021
0
20670
Türkmenistanda ilkinji 9D ölçegli kinoteatr peýda boldy

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda 9D ölçegli ekrany bolan kinoteatr açyldy.

9D ölçeg ― dynç alyş dünýäsinde täzelik. 5D kino görnüşi, eýýäm hemmämize mälim, kosmosdaky hereket we film sýužetinde doly barlygyň täsirini üpjün edýän aýratyn effektler akylyňy haýran edýär.

Aşgabat söwda we dynç alyş merkeziniň üçünji gaty, bütinleý diýen ýaly çagalaryň ygtyýaryndadyr. Bu ýerde häzirki zaman awtoulag enjamlary, kiçi awtoulaglar we beýleki görnüşli oýun ejmalary bar. Umuman alanyňda, çagalar we mekdep okuwçylary üçin gyzykly güýmenje üçin 9D görnüşli güýmenje nokady we oýunjak kitaphanalary üpjün edilýär. Şeýle hem bu ýerde nahar iýip bilersiňiz ― «Muhammet Balkan» kompaniýasy uly meýdançada amatly kafe açdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň