Soňky habarlar

Arhiw

«Petronas Çarigali» sürüjileri işe çagyrýar

07:1313.09.2021
0
41458

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy sürüjileri boş iş ornuna çagyrýar. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş çap edildi.

Sürüji Türkmenbaşy etrabyndaky Gyýanly şäherçesinde işlemeli.

Dalaşgärlerden orta bilim hakyndaky şahadatnama, sürüjilik şahadatnamasy, 5 ― 7 ýyla çenli iş tejribesi , iňlis, rus we türkmen dillerini bilmek, şeýle hem MS Office programmasyndan baş çykarmak talap edilýär.

Ähli dalaşgärler özleri baradaky maglumatlary, mümkin boldugyndan, giňden bermelidir.

Resminamalar kompaniýanyň Aşgabat şäherindäki merkezi edarasynda kabul edilýär. Salgysy: Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý («B» blok). Şeýle hem dalaşgärlerden elektron sowalnamany dolduryp, recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna bildirişiň çap edilen gününden bir hepdeden gijä galman tabşyrmak soralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň