Top.Mail.Ru

Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy aradan çykdy

13:1311.09.2021
2
5752

Şu gün – 11-nji sentýabrda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan, Türkmenistanyň we dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa 121 ýaşynda aradan çykdy.

Ajapsoltan Hajyýewa resmi taýdan dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alynmadyk bolsa-da, bar bolan resmi maglumatlara görä, dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydyr. «Türkmenportal» habarlar portalynyň ozal hem birnäçe gezek habar berşi ýaly, häzirki wagtda dünýäde iň uzak ýaşly ýaşaýjy hökmünde rekorda giren ýaponiýaly Kane Tanaka Ajapsoltan Hajyýewadan 3 ýaş kiçi – ol 118 ýaşynda.

Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Ol ir mahallar daýhançylyk edipdir, dokma darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir.Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke ogly Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan ogul bolup ýetişýär. Ol häzir 90 ýaşa golaýlady. Ajapsoltan Hajyýewany iki erkek dogany 100 ýaşa, aýal dogany bolsa 90 ýaşa golaý ýaşapdylar.

Ajapsoltan Hajyýewanyň 1 ogly, 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar.

«Türkmenportal» habarlar portaly Ajapsoltan Hajyýewanyň uzak ýaşamagyň syrlary baradaky pikirlerini öz okyjylaryna ýetiripdi.

Hemişe halal ýaşamaly, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däl. Eger işlemeseň, seniň bedeniň garramak bilendir. Ejemden ir aýryldym... ykbal işidird-ä... Aýagymyň aşagyna oturgyç goýup, tamdyrda nan ýapardym. Jigilerim kiçidi, kakama kömekleşmesem, özüm üçin uýatdy. ...soň gaza giderdim. Bugdaý döwerdim. Keçe-de basdyk, halam dokadyk. Şeýdip-şeýdip zähmete bişişdim. Şol işler meni taplan eken... Men uzak ýaşamagyň syryny zähmetde, parahatçylykda diýip düşünýärin. Zähmet adamyň ýüregini tämizeleýär. Ýüregiň päk bolsa, durmuşyňam arassa bolýar. Iň esasy-da döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly...

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň