Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenportal» ykjam programmasy 50 müňden gowrak ulanyjy tarapyndan gurnaldy

13:0810.09.2021
0
13941

«Türkmenportal» ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda meşhurdyr. “Google Play”-iň habaryna görä, şu güne çenli bu programma 50 müňden gowrak ulanyjy tarapyndan enjamlara göçürip alyndy.

“Turkmenportal” iOS we Android ulanyjylary üçin mugt programma. Programma 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizildi.

Programmadaky täzelikler gije-gündiz yzygiderli täzelenýär, şonuň üçin üç dilde (rus, türkmen, iňlis) iň doly we täze maglumat günüň islendik wagty ulanyjylar üçin elýeterlidir. “Türkmenportal” programmasy okyjylara ilkinji bolup, täzelikler bilen tanyşmaga, dünýädäki iň möhüm wakalary öwrenmäge we meşhur mowzuklar boýunça aýratyn wideolara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň