Soňky habarlar

Arhiw

«Yandex» kazyýete arz edildi

10:2408.09.2021
0
4892

Biriniň pikirini awtomatiki wideo terjime hyzmaty üçin ulanmakda aýyplanýan «Yandex»-e garşy kazyýet işi açyldy. Moskwa arbitraž kazyýetine bu şikaýat «AllMyBlog» kompaniýasy tarapyndan berildi.

Şikaýatçy internet ägirdi «Yandex»-iň 2021-nji ýylyň fewral aýynda AllMyBlog tarapyndan işe girizilen «Taradam» hyzmatynda awtomatiki wideo terjimeçisiniň ideýasyna içalyçylyk edip biljekdigini öňe sürdi.

Kompaniýanyň hyzmaty birnäçe dollarlyk baha bilen wideolary dünýäniň 56 diline terjime etmäge ukyply. AllMyBlog-yň IT ägirtlerinden pul talap etmeýändigi bellärliklidir.

«Cnews.ru» gullugynyň habaryna görä, «Yandex» şikaýatçynyň ähli talaplary we beýannamalary bilen düýpden ylalaşmaýandygyny mälim edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň