Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 110 belgili täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

15:5903.09.2021
0
23923

«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag ýolagçylaryna edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň paýtagtynda täze awtobus gatnawyny ýola goýdy.

110 belgili awtobus «Awtokombinat» duralgasyndan «Dowamat-dowam» binasyna çenli ýolagçylary gatnatmaga ýardam eder.

Ýol gatnawy A. Nyýazow geçelgesinden ― Gündogar köçesinden ― Oguzhan köçesinden ― B. Annanow köçesinden ugur alyp, Parahat-7 ýaşaýyş toplumyna ― B. Annanow köçesine ― Magtymguly şaýoluna ― Andalyp köçesine ― Görogly köçesine ― “Dowamat-dowam” binasyna çenli hereket eder. Awtobusyň gatnawy yzyna hem şol ugur boýunça amala aşyrylar.

Paýtagtymyzyň çäginiň giňelmegi we onuň çetlerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy bilen soňky ýyllarda 15, 46, 75, 77, 102, 103, 128 we beýleki belgili birnäçe awtobuslaryň gatnawy işe girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň