Türkmenistan Owganystanyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmegini dowam edýär

12:0526.08.2021
0
12112

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň tapgyrynda alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň