Soňky habarlar

Arhiw

BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Bäherdendäki deri zawodyna we Aksuw obasyndaky balyk hojalygyna baryp gördi

15:3823.08.2021
0
13566

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini Bäherdendäki derini gaýtadan işleýän zawoda we Aksuw obasynda ýerleşýän balyk ösdürip ýetişdirýän hojalyk jemgyýetine baryp gördi.

Bu iş saparlary iki dostlukly ýurduň arasynda azyk howpsuzlygy we söwda alyş-çalşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bir bölegi hökmünde geçirildi. Ilçi şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüne baryp, çagalaryň tomusky dynç alşy bilen tanyşdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda işe başlandygyny ozal habar beripdik.

Ilçiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly döwletara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň