«Tesla» kompaniýasy gumanoid roboty hödürleýär

17:2020.08.2021
0
4605

Ilon Mask ösen emeli intellekt ulgamy bilen üpjün edilen «Tesla Bot» gumanoid robotyny hödürledi. Boýy 172 santimetr we agramy 55 kilogramdan gowrak bolan robot «Tesla AI Day» dabarasynda yglan edildi. Maskyň pikiriçe, «ýürekdeş» robot sagatda 8 kilometre çenli hereket edip bilýär.

«Tesla Bot» howply we adaty işleri ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Şeýlelikde, oňa ädimme-ädim görkezmeleri bermek gerek hem bolmaz. «Tesla Bot» ýeňil materiallardan ýasalar we onuň beýnisinde peýdaly maglumatlardan ybarat ekran gurlar. «Tesla Bot»-yň biziň dünýämize geljek ýylda aralaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň