Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hazar deňziniň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

23:1512.08.2021
0
4927

Her ýyl 12-nji awgustda bäş Hazarýaka döwleti tarapyndan bellenýän Halkara Hazar güni mynasybetli Aşgabatda “Hazaryň deňiz gurşawyny goramak pudagynda hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň ministrlikleriniň we müdirlikleriniň wekilleriniň hem-de Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem dürli halkara guramalaryň gatnaşmagynda adaty we onlaýn görnüşde geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar Hazaryň deňiz gurşawyny goramak we durnukly ösdürmek, onuň biologik gorlaryny durnukly we tygşytly peýdalanmak babatynda halkara hyzmatdaşlyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bäş hazarýaka ýurdunyň wekilleriniň 2003-nji ýylyň noýabr aýynda Tähranda gol çeken Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna laýyklykda, taraplar hapalanmagyň we deňiz gurşawyna ýaramaz täsirleriň öňüni almak üçin özbaşdak ýa-da bilelikde çäre görmegi, serişdeleri onuň deňiz gurşawyna zyýan ýetirmezden ulanmagy borçlandylar. Taraplaryň iki resminama: Hazar deňzini guryýer çeşmelerinden we guryýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça teswirnama, şeýle hem Nebitiň hapalanmagyna sebäp bolan hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, sebitleýin taýýarlyk, çäre görmek we hyzmatdaşlyk baradaky teswirnama gol çekendigini hem bellemek gerek.

Türkmen hünärmenleri, öz gezeginde, Hazar sebitinde dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmeguň esasy hökmünde ýurduň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygy netijesinde durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty, şeýle hem Hazaryň tebigy baýlyklaryny goramak we öwrenmek boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berdiler.

Maslahatyň esasy mowzuklaryndan biri-de Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça sazlaşdyryjy komitet (CASPCOM) tarapyndan 2023-nji ýyla çenli döwür üçin Hökümetara toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär.

Hazarýaka ýurtlarynyň milli meteorologiýa guramalaryny birleşdirýän CASPCOM-iň işi deňziň suw giňişliginde gämi gatnawynyň we kenar ýakasynda beýleki işleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Hazaryň ýagdaýy barada gidrometeorologik maglumaty almagyň sebit ulgamyny döretmäge we ösdürmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň