Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dokmasynyň eksporty artýar

22:1211.08.2021
0
11239

Awgust aýynyň ilkinji hepdesinde Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri türkmen dokmasyny ozalkysyndan has köp satyn aldylar ― diýlip, arzuw.news-yň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasy tarapyndan berlen maglumata görä, agzalan döwletleriň wekilleri, esasan, pagtadan taýýarlanan ýüplüklere, jinsi matasyna we halylara has köp isleg bildirdiler.

BAE-niň, Owganystanyň we Gonkongyň işewürleri milli manatda 3 million 604 müň manatlyk ýüplük satyn aldylar. Içerki bazar üçin bolsa dokma kärhanalary 1 million 209 müň manatlyk önüm satdylar.

Türkmenistan Russiýa, Özbegistana, Gyrgyzystana, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine we Türkiýä aýnadyr portland sementini hem ozalkysyndan kän satýar.

Russiýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, BAE, Türkiýe, Germaniýa, Beýik Britaniýa we Gonkong ýaly döwletleriň wekilleri şeýle hem awiaýangyja, benzine, suwuklandyrylan gaza, kalsinlenen nebit koksuna, gidrotehniki dizel ýangyjyna isleg bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň