Soňky habarlar

Arhiw

«Ajaýyp gurluşyk» Daşoguz welaýatynda çagalar seýilgähini gurar

23:3903.08.2021
0
5680
«Ajaýyp gurluşyk» Daşoguz welaýatynda çagalar seýilgähini gurar

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we seýilgähi 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň