Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Polina Gurýewa: «Agyr atletikaçy ýigitlerimize-de üstünlik arzuw edýärin»

13:5131.07.2021
0
1707

«Türkmen sporty» gazetiniň şu günki (31.07.2021 ý.) sanynda Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa bilen söhetdeşlik çap edildi. Söhbetdelikde türgen Tokio täsirleri barada gürrüň berýär.

― Polina, ilki bilen sizi ähli türgenleriň iň arzyly arzuwy bolan olimpiýa medalyňyz bilen gutlaýarys! Goý, bu medal yzyna ýene-de kän olimpiýa üstünliklerini tirkäp, Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýsyn!

― Gutlagyňyza, arzuwlaryňyza sag boluň!

― Polina, Tokio Olimpiadasyndan ilkinji täsirler barada gürrüň beräýiň!

― Olimpiýa obajygyna gelenimizde söz bilen beýan edip bolmajak duýgulary başdan geçirdim. Sportuň parahatçylygyň ilçisi bolup, halklary dostlaşdyrýandygyna has hem içgin göz ýetirdim. Dürli döwletleriň türgenleri, esasan hem, tanymal türgenler bilen bir ýerde bolmak, olar bilen bir ýaryşda çykyş etmek diýseň täsirli.

― Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görşüňiz barada hem aýdaýsaňyz.

― Sportuň şu görnüşini saýlap alyp, türgenleşip başlan günlerim öňümde uly maksat goýupdym, ol hem ýurdumyza olimpiýa medalyny getirmekdi. Şol maksat bilen Olimpiýa oýunlaryna fiziki hem ruhy babatda taýýarlandym. Fiziki taýdan yzygiderli hem irginsiz türgenleşikleri ruhy taýdan ykjam taýýarlygymyň nyşany bolan ynam bilen utgaşdyryp, hormatly Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe» diýen jümlesini şygar edindim.

― Çykyşyňyzyň öňüsyrasynda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

― Örän tolgundym. Ýogsa Gahryman Arkadagymyzyň iri sport ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmak üçin döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, geçen türgenleşiklerimiziň netijesinde ykjam taýýarlanypdym, bäsdeşlerimiň köpüsinden rüstem çykjagyma-da göz ýetiripdim. Elbetde, bu sport dünýäsiniň iň güýçli türgenleriniň ýaryşy. Şol sebäpden hem, örän tolgundym. Garaz, bäsleşik bäsleşik bolýar. Öňünden anyk netije çykaryp bolmaýar. Bu bolsa tolgunmanyň döremegine esas bolýar. Muňa garamazdan, hormatly Prezidentimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän ýygyndy toparymyza iberen Ýüzlenmesinde aýdylýan çuň many-mazmuna ýugrulan jümleler bize ruhy güýç berdi. Arkadag Prezidentimiziň ynamyny ödemek şol pursat meniň iň esasy maksadyma öwrüldi. Galyberse-de, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleriniň «Sen ýeňiş gazanaýmaly. Biz güýçli!» diýen sözleri hem Arkadag Prezidentimiziň biz türgenlere berýän diýseň uly goldaw-hemaýatyna, bildirýän ynamyna esaslanýar.

― Arzyly hem arzuwly ýeňiş size nähili duýgulary bagyşlady?

― Garaşylmadyk şatlykly pursatlarda özüňe doly erk edip bolmaýar eken. Şol pursat meni şatlyk gözýaşlary, Arkadagly ýurdumyza buýsanç, ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylan pursatynda bolsa parahat Watanymyza söýgi, hormatly Prezidentimize bolan alkyş-hoşallyk, bu üstünligi gazanmagyma ýardam eden ynsanlaryň ählisine hormat we beýleki ajaýyp duýgular gurşap aldy. Olary söz bilen beýan etmek mümkin däl. Men her bir türkmenistanly türgene şeýle duýgulary başdan geçirmegi arzuw edýärin.

― Ýeňşiňiz bilen ilkinji gutlan kim boldy?

― Ilki bilen ýaryşda ýanymda bolanlar – Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri gutladylar. Baýrak gowşurylyş dabarasyndan, žurnalistler bilen söhbetdeşliklerden soň öz ýaşaýan ýerime baranymda telefonyma maşgalamyň, dostlarymyň, tälimçilerimiň, mugallymlarymyň internet ulgamy arkaly iberen gutlaglary meni diýseň begendirdi.

Polina, ýaryşlar dowam edýär. Sen-ä öz başarnygyňy görkezip, kümüş medal gazandyň! Indi Olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlaryna janköýer bolup gatnaşýansyň. Ýygyndy toparymyzyň türgenleri Rejepbaý Rejepowyň, Mergen Mämmedowyň, Öwez Öwezowyň we Hojamuhammet Toýçyýewiň çykyşlary öňde. Biz olardan hem medala garaşýarys. Olimpiýa medalynyň eýesi hökmünde olaryň şu pursatdaky taýýarlyklaryna nähili baha berýärsiňiz?

― Türgen oglanlarymyz hem ýurdumyza olimpiýa medalyny getirmek üçin ýeňiş ruhy bilen ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Howa şertleriniň çalyşmagynyň, iýmitiň üýtgemeginiň hem türgenleriň çykyşlaryna täsir edip bilýändigini göz öňünde tutup, türgenlerimiz berhizlerini berk saklap, beýleki möhüm talaplary pugta berjaý edýärler, türgenleşiklerini gowşatmaýarlar. Olaryň hem ýurdumyzyň medal gaznasyna öz goşantlaryny goşjakdygyna ynanýaryn.

― Şu pursatda arzuwlaryňyzy, geljekki maksatlaryňyzy hem beýan edäýseňiz?

― Häzirki pursatda arzuwlarym oglanlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, ýaşyl Baýdagymyzy belende galdyrmagynda jemlenýär. Soňra bolsa «Towşana dogduk depe» diýlişi ýaly, arzyly medalym bilen Watanymyza dolanyp baryp, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödändigimiziň, edilen uly aladalara, döredilen giň şert-mümkinçiliklere başardygymyzdan jogap berendigimiziň nyşany bolan üstünligimiz bilen ildeşlerimizi begendirmek isleýärin. Çünki men mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna özboluşly sowgat – Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly bilen barýaryn.

― Polina, Günüň dogýan ýurdundan – häzirki wagtda dünýäniň sport janköýerleriniň ünsüniň jemlenen ýerinden sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly biziň bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin sagbolsun aýdýarys. Ýene bir gezek ýeňşiňiz bilen gutlaýarys! Höwri köp bolsun!

― Sag boluň! Ähli ildeşlerimize janköýerlik edendikleri üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şu pursatda biz türgenlere döredip beren ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag,ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň