Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýadaky adatdan daşary howa kofe hasylyna täsirini ýetirýär

14:5230.07.2021
0
5392

Braziliýanyň birnäçe sebitlerindäki adatdan daşary howa kofe hasylyndaky uly ýitgä sebäp boldy. Häzirki günlerde ýurtda howa sowaýar, Rio Grande du Sul ştatynyň bolsa 30 şäherinde gar ýagdy. Bu bolsa kofe hasylyna diýseň uly zyýan ýetirdi.

Braziliýa dünýäde iň uly kofe öndüriji bolup durýar we bu ýagdaýda dellallar bu önümiň bahasynyň düýpgöter ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

«Euronews»-yň habaryna görä, sebitde adatdan daşary gurakçylygyň we käbir sebitlerde alty aýdan gowrak wagtlap ýagşyň bolmandygyny göz öňünde tutup, hünärmenler soňky 20 ýylda ýitginiň has köp bolmagyna garaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň