Soňky habarlar

Arhiw

Miweli ülke Awazada geçiriljek milli tagamlaryň Halkara sergisine gatnaşar

18:2820.07.2021
0
6560

Türkmenistana miwe we bakja önümlerini getirmekde meşhurlyk gazanan «Miweli ülke» hususy kärhanasy ýakynda Awazada geçiriljek ýokary derejeli çäreleriň çäklerinde guralýan Halkara sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär.

Bilşimiz ýaly, awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň baştutanlarynyň sammiti, sebit ýurtlarynyň zenanlarynyň birinji dialogy we ykdysady forum geçiriler.

Miweli ülke hususy kärhanasynyň önümleri alyjylara elmydama ter hem täze görnüşde ýetirilýär. Önümçiliginde saýlama önümleriň ulanylýandygy kärhananyň harytlarynyň ýylyň islendik paslynda hem terligini üpjün edýär.

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisinde «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň miweleriniň we gök-bakja önümleriniň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowda uly gyzyklanma döredendigini ýatlamak bolar.

Şeýle hem kärhana öz öndürýän harytlaryny «Hoşwagt» haryt-nyşany bilen eksport edýär. Bu harytlara ― kofäniň birnäçe görnüşleri, bugdaý unundan taýýarlanýan azyk önümleri, çipsiler, guradylan çörek bölejikleri, dänäniň gaýtadan işlenilmegi bilen taýýarlanylýan önümler hem-de kärhananyň täze döreden önümi bolan Jooy karameli degişlidir.

Pursatdan peýdalanyp, «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň işgärleri ähli türkmenistanlylary Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk, bagtyýarlyk hem rowaçlyk arzuwlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň