Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun «Zenit» bilen Russiýanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

23:5517.07.2021
1
4480
Serdar Azmun «Zenit» bilen Russiýanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

Eýranly türkmen Serdar Azmun «Zenitiň» düzmüinde Russiýanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.

Kaliningrad şäherinde geçirilen duşuşykda ýurtda täze futbol möwsüminiň başlangyjyna hem öwrüldi. Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk «Zenit» bilen «Lokomotiwiň» arasynda geçirildi. «Kaliningrad» stadionynda geçirilen bu duşuşyk «Zenitiň» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ikinji pökgini 57-nji minutda Serdar Azmun geçirdi. Şondan 3 minut soňra ol oýundan alyndy. Ýöne eýranly türkmeniň duşuşygyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilendigini aýtmak gerek.

Şeýlelikde, Sankt-Peterburg şäheriniň topary taryhynda altynjy gezek Russiýanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Serdar Azmun bolsa «Zenidiň» düzüminde gazanan çempionlyklarydyr kuboklarynyň sanyny alta çykardy.

Serdar Azmunyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasydygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň