Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Jebelde täze halkara howa menziliniň düýbüni tutmaga gatnaşdy

23:1014.07.2021
0
13238
Türkmenistanyň Prezidenti Jebelde täze halkara howa menziliniň düýbüni tutmaga gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze menzil sagatda 100 ýolagça hyzmat eder. Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.

Täze halkara howa menzilini 2024-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Asylly däbe görä, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalar astynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyga badalga berip, täze howa menziliniň binýadyna pil bilen beton guýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň