Soňky habarlar

Arhiw

Gonkongdaky asman boýly binalaryň ikisi satylar

17:1309.07.2021
0
3898

Gurluşykda goýberilen kemçilikler sebäpli Gonkongdaky asman boýly binalaryň ikisi söküler. Has takygy, olar täze «Pavilla Farm III» kaşaň toplumdaky 57 gatly ýedi binasynyň ikisidir.

Barlaglaryň dowamynda ulanylan betonyň hiliniň bellenen standartlara laýyk gelmeýändigi ýüze çykaryldy. Netijede, desgalary düýbünden sökmek we täzeden gurmak kararyna gelindi. Häzirki wagtda binalaryň binýadynyň we 10 gatynyň gurluşygy tamamlandy.

Binalaryň ýykylmagy we täzeden gurulmagy ony tabşyrmagy 9 aýa çenli gijikdirer. Binalarda meýdany 29-dan 95 inedördül metre çenli üýtgeýän öýleriň bahasy 870 müňden 3 million dollar aralygynda bolar.

Ýeri gelende aýtsak, Gonkong dünýäniň iň gymmat gozgalmaýan emläk bazaryna eýe. «Rambler.ru» muny ýurduň ýerleşiş aýratynlygy bilen düşündirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň