Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal Kompyuter» dükanyna täze «Dahua» toplaýjy enjamlary gelip gowuşdy

17:0307.07.2021
0
7008

«Rysgal Kompyuter» kompýuter tehnikasy we aksessuarlary dükanyna «Dahua» kompaniýasynyň täze toplaýjy enjamlary gelip gowuşdy.

Müşderileriň dykgatyna bu ýerde sygymy 8 terabaýt bolan «Dahua surveillance» HDD gaty diskleri, sygymy 120 we 240 gigabaýt bolan SSD-toplaýjylar, şeýle hem ýady 32 we 64 gigabaýt bolan fleş-toplaýjylar hödürlenilýär.

«Dahua» kompaniýasynyň tehnikasy bütin dünýäde giňden meşhurdyr. Ilkibaşda bu kompaniýa wideogözegçilik ulgamlarynyň önümçiligine ýöriteleşipdi.

Häzirki wagtda bolsa onuň önümleriniň üsti tor enjamlary bilen bagly bolan hem-de IoT (Internet of thigs) tehnologiýalar bilen baýlaşdy. «Dahua» kompaniýasy sanly we analog wideogözegçilik kameralary, wideoregistratorlary, monitorlary, domofonlary, gorag duýduryjylaryny, ýangyn söndüriji we tüsse kowujy ulgamlar üçin awtomatik enjamlary, maglumatlary saklaýyş ulgamlaryny, dronlary, girme gözegçiligi ulgamy hem-de konferensiýa aragatnaşygy üçin enjamlary we beýlekileri öndürýär.

Täze harytlar bilen «Rysgal Kompyuter» dükanynda (salgysy: Aşgabat, “Rysgal” bankynyň binasy ( Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygy, «W» blok, 3-nji gat) ýa-da dükanyň instagram akkaunty arkaly tanşyp bilersiňiz.

«Rysgal Kompyuter», ýeri gelende aýtsak, Hytaýyň «Dahua» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolup durýar.

Dükanda bu firmanyň önümleriniň dürli görnüşlerini, şeýle-de beýleki kompýuter tehnikasyny we elektronika önümlerini satyn alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň