Soňky habarlar

Arhiw

“Iş Nokady” koworking-merkezi Moskwanyň Halkara uniwersitetiniň “Açyk gapylar gününi” geçirýär

16:0106.07.2021
0
7805
“Iş Nokady” koworking-merkezi Moskwanyň Halkara uniwersitetiniň “Açyk gapylar gününi” geçirýär

15-nji iýulda “Iş Nokady” koworking-merkezi “Onlaýn-okuw: bilimiň täze mümkinçilikleri” diýen at bilen Moskwanyň Halkara uniwersitetiniň “Açyk gapylar gününi” geçirýär.

Internet ulgamynyň ösen häzirki döwründe her kim şol bir wagtda işläp hem-de maşgalasyny durnukly aýlyk bilen üpjün etmek bilen birlikde, žurnalistika, ykdysadyýet, hukukşynaslyk, menejment, dil bilimi ýaly ugurlary özleşdirip bilýär.

Bilim berlişiň onlaýn meýdançalary şeýle usulda bilim almaga isleg bildirýänleri düşünmek bilen goldaýarlar.

Moskwanyň Halkara uniwersiteti— bu bilim berlişiň däp bolup gelýän görnüşiniň häzirki zaman usullary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy netijesinde düýbünden täzeçil intellektual we döredijilikli gurşawy emele getirýän giňişlikdir.

Şeýle çärä gatnaşmak bolsa, bu gün orta bilim hakynda şahadatnamanyň eýesi bolan we ýokary okuw mekdeplerine girmegi meýilleşdirýän uçurymlar üçin gyzykly bolar.

Bu ýerde hünärmen Maral Abaýewa peýdaly maslahatlary bermek bilen, interaktiw maksatnamanyň dowamynda her bir gatnaşyja kär-hünär saýlamakda hem kömek eder.

Maral şeýle hem belli bir aralykdan bilim almagyň görnüşi barada gürrüň berer we uniwersitet barada zerur maglumatlary paýlaşar. Onda:

  • Belli bir aralykdan bilim almak mümkinçiligi bolan hünärler;
  • Giriş synaglarynyň sanawy;
  • Bilim almagyň nyrhy we elýeterli bolan ýeňillikler barada maglumatlar bolar.

Gatnaşyjylara şeýle-de City Business School we ITEA akademiýasynyň Halkara IT taslamalary bilen tanyşlyk garaşýar.

Gatnaşmak mugt.

Çäräniň başlanýan wagty 18:30.

Salgysy: Aşgabat, A,Nyýazow şaýoly, TSTB binasy, 8-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň