Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan doglan güni mynasybetli türkmen Liderine gutlag hatyny iberdi. Türkiýäniň Prezidenti öz gutlag hatynda Türkmenistana boljak saparyň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany bilen geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp geçdi.
Şeýle hem Türkiýäniň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik hem geçirildi.
Dostlukly ýurduň Prezidentiniň gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:
«Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gadymy medeniýetimiziň umumy gymmatlyklary esasynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depgini ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmenistana boljak saparyň dowamynda Siziň bilen geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Häzir sapara taýýarlygyň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň gün tertibini emele getirýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň bilelikde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirýärin.
Hormatly doganym, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!».