Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ» AGPJ-niň ýolbaşçysy: «Hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirmek üçin ähli tagallalary ederis»

11:3330.06.2021
0
4519

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “KAMAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny hem-de milletiň Liderine bagt, abadançylyk we häzirki döwrüň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikler gazanmak baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, myhman döwlet Baştutanyny doglan güni bilen gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlar bilen bilelikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär.

Duşuşygyň barşynda däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

“KAMAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň