Soňky habarlar

Arhiw

«Google» «Android TV» we «Google TV»-de täzelik girizýär

18:3129.06.2021
0
4649

«Google»-yň «Android TV» we «Google TV» üçin täzeligi ulanyjylaryň göwnünden turmady. Kompaniýa diňe bir wideo mahabatlaryny goýbermän, eýsem, bu mahabatlary ses bilen awtomatiki ýerine ýetirip başlady, olary öçürmek mümkinçiligi bolsa ýok.

Şeýlelikde, «Google»-yň ulanyjylary tölegli abuna ýazylmaga çagyrylýar. Şol bir wagtyň özünde «Android TV» ulanyjylarynyň esasy nägileligi mahabatlaryň awtomatiki ýagdaýda we ses arkaly berilmegi bilen baglydyr.

Wideolar ulanyjy her gezek baş sahypa dolanyp gelende görkezilýär. Mahabatlary öçürmek, iň bolmanda, sesini ýapmak mümkin däldir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň