Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Altinyildiz haryt-nyşanly dükanynda täze egin-eşikler alyjylara hödürlenilýär

17:5225.06.2021
0
6689

Aşgabatdaky Altinyildiz Turkiýäniň haryt-nyşanly dükanyna tomus möwsümi üçin täze hem döwrebap egin-eşikleriň toplumy gelip gowuşdy.

Bu ýerde müşderilere hödürlenilýän tebigy pagtadan taýýarlanylan köýnekçeleriň, köýnekleriň we jalbarlaryň dürli görnüşleri tomus möwsüminde döwrebap geýinmäge mümkinçilik berýär.

Ölçegleriň we görnüşleriň dürlüligi döwrebap hem ykjam geýinmek isleýän alyjylaryň islegini doly derejede kanagatlandyrýar.

1952-nji ýylda döredilen Altinyildiz haryt nyşany Türkiýäniň dokma we tikinçilik senagatynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Kompaniýa 1952-nji ýyldan bäri dürli görnüşli matalar öndürýär. Ol 1995-nji ýyldan başlap taýýar egin-eşikleriň önümçiligini ýola goýdy. Kompaniýa esasan erkek egin-eşiklerini ― jalbarlaryň we penjekleriň bitewi toplumyny, penjekleri, plaşlary, jalbarlary we beýlekileri öndürýär. Her möwsümde ýokary hilli egin-eşikleriň döwrebap toplumy alyjylara ýetirilýär.

Dükan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 63077755; +993 61644059.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň