Soňky habarlar

Arhiw

Lebabyň 10 hassahanasyna «Tiz kömek» awtoulaglary berildi

23:4623.06.2021
0
11142
Lebabyň 10 hassahanasyna «Tiz kömek» awtoulaglary berildi

Lebap welaýatyna iş saprynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji iýunda Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna baryp, çagalar üçin niýetlenen 10 sany «Tiz kömek» awtoulagyny welaýatyň her etrabyna sowgat etdi.

Hassahananyň öňündäki meýdançada hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli mübäreklediler.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesil baradaky, onuň saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany lukmanlaryň biri bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň mundan beýläk hem döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady we lukmanlara olaryň asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidente ýaş nesil baradaky alada we ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň