Soňky habarlar

Arhiw

«Erich Krause» önümleri Türkmenistanda

19:0522.06.2021
0
19538

Dünýä belli kanselýariýa markasy bolan «Erich Krause» önümleri Türkmenistandaky dükanlaryň tekjelerinde peýda boldy.

«Erich Krause» – kanselýariýa, döredijilik önümleri, okuw esbaplary - goştorbalary we ýantorbalary, ýadygärlik sowgatlary we bezeg önümlerini öndürýän hem-de satýan halkara kompaniýalar toparydyr.

«Erich Krause» kompaniýasy Germaniýa, Koreýa, Hindistan, Indoneziýa, Hytaý, Taýwan, Malaýziýa, Russiýa ýaly dünýäniň köp ýurtlarynda önüm öndürýär. Bu kompaniýanyň önümleri Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda kepillendirilýär.

Önümiň howpsuzlygy we daşky gurşawyň talaplaryna laýyklygy «Erich Krause» kompaniýasynyň önümçilik standartlaryndan biridir. Bu standart esasanam kompaniýanyň içinde we Ýewropanyň öňdebaryjy sertifikat merkezlerinde howpsuzlyk üçin iň berk barlaghana gözegçiliginden geçýän çagalar önümlerine degişlidir.

«Erich Krause» önümlerini «Galam», «Globus», «YOSM», «Kitap» we paýtagtdaky beýleki uly kanselýariýa söwda zynjyrlarynda tapyp bilersiňiz.

Aragatnaşyk maglumatlaryny almaklyk üçin şu ýere basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň