Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

22:1116.06.2021
0
7741

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

«Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar» atly onlaýn sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça YHG-nyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.

Onlaýn tertipde geçirilýän foruma gatnaşyjylara söz berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň barşynda belleýşi ýaly, bu duşuşykda garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup durýar.
Dünýä ylmyna we medeni ösüşine bahasyna ýetip bolmajak taryhy goşant goşan yslam dünýäsi häzirki döwürde ykdysady ösüşiň innowasion hem-de ýokary tehnologiýaly nusgalaryna durnukly geçmek üçin raýdaş çemeleşmeleri talap edýän ýönekeý bolmadyk döwri başdan geçirýär diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Munuň üçin ähli zerur zatlar — adam mümkinçiligi, baý tebigy serişdeler, ep-esli maliýe mümkinçilikleri, amatly fiziki-geografik şertler bar.

Häzirki döwürde YHG sanalyp geçilen bu mümkinçilikleri netijeli we rejeli ulanmak, musulman ymmatynyň ähli agzalary üçin hakyky peýda gazanmak maksady bilen, eýýäm ençeme möhüm ädimleri ätdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki döwürde ýokarda görkezilen maksatnamada ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu halkara guramanyň 1969-njy ýylda esaslandyrylandygyny bellemek gerek. Onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Şu güne çenli dünýäniň 57 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Birnäçe ýurtlar we iri guramalar, şol sanda BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi bu guramada synçynyň derejesine eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň